‏ Galatians 3

Kanunçylyga dolanmaň!

1Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn! 2Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz. 3Siz Mukaddes Ruh bilen başlap, indi-de öz ynsan güýjüňiz bilen kämil boljak bolýaňyzmy? Eýsem siz şeýle akmakmy?! 4Eýsem başdan geçirenleriňiziň bary biderek bolaýdymyka? Wah, elbetde biderek däl! 5Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.

Hudaý iman edenleri ýalkaýar

6 aGeliň, Ybraýymy ýada salalyň: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady». 7Şoňa görä-de, şuny bilip goýuň: iman edenler Ybraýymyň hakyky neslidir. 8 bHudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi. 9Şunlukda, iman edýän her kes iman guly bolan Ybraýym bilen bile ýalkanýandyr. 10 cEmma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr. 11 dHudaýyň huzurynda hiç kim Mukaddes Kanun arkaly aklanyp bilýän däldir. Bu mese-mälim zat, sebäbi «dogruçyl iman arkaly ýaşar» diýip ýazylgydyr. 12 eMukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar». 13 fMesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr. 14Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.

Rebbiň Ybraýyma beren wadasy

15Eý, doganlar! Men gündelik durmuşdan bir mysal getireýin: ynsanlaryň özara ylalaşyp baglaşan ähtini hiç kim bozup-da, oňa zat goşup-da bilmeýär. 16 gHudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir. 17Şeýlelikde, men size şuny aýtmakçy: dört ýüz otuz ýyl geçenden soň berlen Mukaddes Kanun bu ähti bozup-da, Hudaýyň wadasyny ýatyryp-da bilýän däldir. 18Miras kanun boýunça däl-de, wada boýunça berilýändir. Hudaý bu mirasy Ybraýyma peşgeş berdi. Çünki Hudaý oňa wada beripdi.

Mukaddes Kanunyň maksady

19Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi. 20Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi. 21Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris. 22Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär. 23Biz Isa Mesihe iman etmezden öň Mukaddes Kanunyň guludyk, gelejekki iman aýan bolýança, bu Kanunyň tussagydyk. 24Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy. 25Biz indi Isa Mesihe iman edýäris. Şonuň üçin-de, biz mundan beýläk Kanunyň gözegçiliginde däldiris.

Siz Hudaýyň mirasdüşerisiňiz

26Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz. 27Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz. 28Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz. 29Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.
Copyright information for TukLat16