Galatians 6
Biri-biriňize ýardam beriň
1Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň. 2Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar. 3Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr. 4– 5Her kim öz edýän hereketlerini derňesin. Her kes özüne düşen ýüki özi götersin. Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler. 6Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn. 7Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr. 8Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar. 9Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys. 10Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.Sünnetlilik däl-de, täze ýaradylyş wajypdyr
11Ine, size öz elimiň şeýle uly harplar bilen ýazýanyny görüň! 12Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler. 13Emma sünnetlenmäniň tarapdarlarynyň özleri-de Mukaddes Kanuny berjaý edýän däldir. Olar siziň sünnetlidigiňiz babatda magtanmak üçin, sizi sünnetletjek bolýarlar. 14Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir. 15Çünki ne sünnetliligiň ▼▼Çünki ne sünnetliligiň – käbir golýazmalarda Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň.
, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir. 16Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun! 17Mundan beýläk hiç kim maňa şu zatlar babatda azar bermesin! Sebäbi meniň bedenimde Isa Mesihe degişlidigimi görkezýän ýara yzlary bardyr. 18Eý, doganlarym! Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun. Omyn!
Copyright information for
TukLat16