Hebrews 1
Ogul perişdelerden üstündir
1Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. 2Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň ▼▼Öz Ogly – Köne Ähtde patyşalar «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrylypdy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlükde «Hudaýyň Ogly» sözüne seret.
üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. 3Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. 4Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy. 5 bEýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir? 6 cHudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi. 7 dHudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär. 8 eEmma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi,Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
9Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi.
Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň,
Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym,
başyňa şatlyk ýagyny guýdum ▼
▼Ýag guýdum – kimdir biriniň başyna ýag guýup, patyşalyga ýa-da ruhanylyga belleme dessury. Sözlüge seret.
».10 gOgla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň,
gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
11Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň,
olar köne eginbaş kimin dargap giderler.
12Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň;
olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar.
Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň,
soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».
13 hHudaý haýsy perişdä: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur» diýipdir?
14Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.
Copyright information for
TukLat16