Hebrews 11
Iman näme?
1Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr. 2Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler. 3Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris. 4Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär. 5Iman arkaly Hanok ýokary alyndy, ol ölüm garasyny görmedi. Hiç kim ony tapyp bilmedi, sebäbi Hudaý ony ýokary aldy. Hanok ýokary alynmazyndan öňem Hudaýyň göwnünden turupdy. 6Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr. 7Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy. 8Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi. 9Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy. 10Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy. 11Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy. ▼▼Käbir golýazmalarda 11‑nji aýat şeýle görnüşde gelýär: Sara önelgesiz bolup, ýaşy birçene ýeten bolsa, iman arkaly göwreli boldy. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.
12Şeýlelikde, ýaşy birçene baran bu bir adamdan gökdäki ýyldyzlar deý we deňiz kenaryndaky çägeler deý san-sajaksyz nesil döredi. 13Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar. 14Gelmişekdiklerini boýun alýan adamlar özleriniň bir watan agtarýandyklaryny aýdyň görkezýärler. 15Eger olar çykyp gaýdan ýurtlaryny küýseýän bolsadylar, onda yzlaryna dolanmagyň alajyny tapardylar. 16Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady. 17– 18 bHudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy. 19Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy. 20Iman arkaly Yshak hem boljak zatlar hakda Ýakup bilen Ysawa pata berdi. 21Ýakup bu dünýäden ötmeli pursady gelende, hasasyna söýenip, Ýusubyň iki ogluna iman arkaly pata berdi we Hudaýa sežde etdi. 22Ýusup hem ölüm ýassygynda ýatyrka, ysraýyl halkynyň Müsürden çykjakdygyny aýdyp, öz jesedi barada iman arkaly buýruk berdi. 23Musa doglanda, ata-enesi ony iman arkaly üç aý gizläp saklady. Olar oglanyň üýtgeşikdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar. 24Ulalyp, kemala gelende, Musa iman arkaly faraonyň gyzynyň ogly diýlip tanalmakdan boýun gaçyrdy. 25Ol günä gazanyp, wagtlaýyn lezzetli durmuşda ýaşandan, Hudaýyň halky bilen bile horluk çekmegi özüne rowa gördi. 26Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy. 27Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy. 28Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi. 29Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular. 30Ysraýyl halky ýedi günläp Ýerihonyň daşyndan aýlanandan soň, iman arkaly diwarlar ýykyldy. 31Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi. 32Başga ýene näme aýdaýyn? Gidegon, Barak, Şimşon, Ýeftah hakda, Dawut, Şamuwel we beýleki pygamberler hakda gürrüň bermäge wagtym ýok. 33Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar, 34lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler. 35Aýallar ölen ýakynlaryny direlen halda yzyna aldylar. Käbirleri bolsa direlişden soň has oňat ýaşaýşa gowuşmak üçin, azat bolmakdan ýüz öwrüp, jebir-süteme döz geldiler. 36Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar. 37Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler ▼▼Käbir golýazmalarda synaga saldylar diýen söz hem bar.
, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler. 38Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda entediler, gowaklarda, köweklerde gizlendiler. 39Olaryň hemmesi iman arkaly Hudaýyň öwgüsini gazanan hem bolsalar, olaryň hiç biri Hudaýyň wadasyna gowuşmady. 40Sebäbi Hudaý biziň üçin has oňat bir zady taýynlapdy. Ol Özüne sadyk bolan bu adamlaryň biziň bilen birlikde kämil bolmagyny isledi.
Copyright information for
TukLat16