Hebrews 12
Reb söýýänini terbiýeleýändir
1Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň. 2Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. 3Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. 4Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz. 5 aÜstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma,Onuň käýinjine ruhdan düşme.
6Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir,
kabul eden perzendine temmi berýändir».
7Terbiýelenmekde çydamly boluň. Çünki Hudaý sizi Öz perzentleri kimin terbiýeleýär. Eýsem, haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? 8Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz. 9Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? 10Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär. 11Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr. 12Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň! 13 b«Aýaklaryňyz üçin dogry ýoly saýlap alyň». Şeýdip, goý, araňyzdaky ejiz we agsak adamlar ýykylmasynlar, tersine, şypa tapsynlar.
Hudaýy ret etmäň
14Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz. 15Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin. 16Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin. 17Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi. 18Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy, 19surnaý sesi ýaňlanyp, Hudaýyň owazy eşidilýärdi. Muny eşiden adamlar Hudaýyň özlerine ikilenç geplemezligi üçin ýalbarypdylar. 20 cSebäbi: «Daga hatda haýwan hem galtaşsa, daşlansyn» diýen Hudaýyň buýrugyna olar çydap bilmändiler. 21 dGörnüş şeýle bir gorkunçdy welin, Musanyň özi: «Gorkudan ýaňa titreýärin» diýipdi. 22Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. 23Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz. 24Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz. 25Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry. 26 eŞol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi. 27«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar. 28Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň, 29sebäbi Hudaýymyz ýakyp-ýandyryjy otdur.
Copyright information for
TukLat16