‏ Hebrews 2

Biparh bolmaň

1Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris. 2Hudaýyň perişdeler arkaly aýdan habary berk bolup, günä edenler ýa-da bitabyn bolanlar öz adalatly almytyny alýardylar. 3Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar. 4Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.

Isa ynsan bolup geldi

5Biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi Hudaý perişdelere tabyn etmedi. 6 aTersine, Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde şeýle şaýatlyk edilýär: «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly?
Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
7Ony perişdelerden biraz wagtlyk pes tutduň.
Oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň
Käbir golýazmalarda Öz elleriňiň işleriniň üstünden Ony Hökümdar goýduň diýen jümle hem bar.
,
8ähli zady aýagynyň astynda goýduň».

Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astynda goýdy, oňa tabyn däl zat goýmady. Ýöne ähli zadyň oňa tabyndygy häzirki wagtda bize aýdyň görünmeýär.
9Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.

10 Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi. 11Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. 12 cOl Hudaýa şeýle diýýär: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin,
jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn».

13 dOl ýene-de şeýle diýýär: «Men Oňa umyt baglaryn».

Soňra ýene şeýle diýýär: «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary».

14Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we 15ömürboýy ölüm gorkusynyň gulçulygyndaky ynsanlaryň hemmesini azat etdi. 16Isa perişdelere däl-de, eýsem Ybraýymyň nesillerine ýardam edýär. 17Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr. 18Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.
Copyright information for TukLat16