Hebrews 3
Isa Musadan beýikdir
1Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr. 2Musanyň Hudaýyň öýünde sadyk hyzmatkär bolşy ýaly, Isa hem Özüni ruhanylyga bellän Hudaýa sadyk boldy. 3Öý guran adamyň öýe garanda has hormatly bolşy ýaly, Isa-da Musa garanda has beýik şöhrata mynasyp boldy. 4Her bir öý kimdir biri tarapyndan bina edilýändir, emma ähli zadyň binagäri Hudaýdyr. 5Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy. 6Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy ▼▼Saklamagy – käbir golýazmalarda ahyryna çenli saklamagy.
başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris. Imandan dänmäň
7 bŞonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,8Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň.
Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.
9– 10Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de,
ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler.
Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim:
„Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr,
Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.
11Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
12Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn. 13Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň. 14Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys. 15 cOzal aýdylyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,
Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň».
16 dOnuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi? 17 eHudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi. 18Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme? 19Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.
Copyright information for
TukLat16