Hebrews 4
Hudaýyň dynçlyk mekany
1Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn. 2Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler. 3 aBiz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,Öz gazabymda Men kasam etdim».
Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy. 4 bBiz onuň taýyndygyny bilýäris, sebäbi Sabat güni hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde: «Hudaý ýedinji gün ähli işini tamamlap dynç aldy» diýip ýazylandyr. 5 cEmma ýene ýokarda aýdylanlar gaýtalanýar: «Olar dynçlyk mekanyma asla girmezler». 6Şonda-da käbir adamlar üçin ol ýere girmäge henizem mümkinçilik bardyr, bu mekan hakda ilkinji eşidenler Hudaýa boýun egmändikleri sebäpli, oňa girmekden mahrum boldular 7 dKöp ýyllardan soňra Hudaý «Bu gün» diýen ýene bir güni belläp, bu hakda Dawut arkaly ozal aýdylyşy ýaly gepledi: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň». 8Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy. 9Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar. 10Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr. 11Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn. 12Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir. 13Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.
Isa – Baş Ruhanymyz
14Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly ▼▼Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
Isadyr. 15Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär. 16Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.
Copyright information for
TukLat16