Hebrews 5
1Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär. 2Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar. 3Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr. 4Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar. 5 aŞonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy. 6 bBaşga bir ýerde bolsa: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň» diýip aýdýar. 7Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy. 8Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi. 9Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar. 10Şeýle hem, Hudaý Ony Mäliksadyk derejesindäki Baş Ruhany diýip yglan etdi.Imanda berkäliň
11Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn. 12Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek! 13Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir. 14Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.
Copyright information for
TukLat16