‏ Hebrews 7

Mäliksadyk ruhany

1 Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi. 2Ybraýym hem Mäliksadyga ähli alan oljasynyň ondan birini berdi.

Mäliksadygyň ady «adalat patyşasy» diýmegi aňladýar. Mundan başga-da, ol «parahatlyk patyşasydyr», sebäbi «Salim» bu «parahatlyk» diýmegi aňladýar.
3Onuň ene-atasynyň kimdigi belli däl, nesil daragty-da ýok. Ömrüniň ne başy, ne-de ahyry bar. Ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany bolup galar. 4Serediň, Mäliksadyk nähili beýik eken, hatda atamyz Ybraýym hem oljasynyň ondan birini oňa beripdir! 5Bütin halk, hatda Ybraýymyň neslinden bolanlar-da Mukaddes Kanuna görä öz gazançlarynyň ondan birini diňe lewi tiresinden bolan ruhany doganlara bermelidiler. 6Emma Mäliksadyk lewi neslinden bolmasa-da, Hudaýyň wadalaryny alan Ybraýymdan ondan bir sadakany alyp, oňa pata berdi. 7Kiçiniň özünden beýik adamdan pata alýandygy şübhesizdir. 8Halkdan ondan bir ýygnan ruhanylar aradan çykdylar, emma Ybraýymdan ondan bir alan Mäliksadyk henizem ýaşaýar. 9Hatda şeýle diýip bilýäris, halkdan ondan bir ýygnan Lewiniň özi hem Mäliksadyga Ybraýym arkaly bu sadakany beripdir. 10Sebäbi Mäliksadyk Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek ata-babasynyň bilindedi.

Täze ruhanylyk düzgüni

11Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi. 12Ruhanylyk üýtgese, Kanun hem üýtgemelidir. 13Biziň gürrüňini edýän kişimiz lewi tiresinden däl. Onuň tiresinden hiç kim gurbanlyk sypasynda hyzmat etmändir. 14Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.

Isanyň ruhanylygy soňsuzdyr

15Indi Mäliksadyk ýaly başga bir ruhanynyň gelmegi bu aýdanlarymyzyň ählisini öňküden hem has aýdyň görkezýär. 16Onuň ruhanylygy bu pany dünýäniň talabyna, ýagny nesilden-nesle geçýän kada-kanuna däl-de, eýsem Mäliksadyk ruhanylygy ýaly soňsuz ýaşaýyş gudratyna esaslanandyr. 17 aÇünki mezmurçy Ol hakda şeýle ýazdy: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň».

18Hawa, öňki kada-kanunlar gowşakdygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy. 19Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi. 20Şeýle hem Mesihiň Baş Ruhany boljakdygyna Hudaý ant içdi, emma beýleki ruhanylar barada ant içmedi. 21 bHudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy. 22Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.

23Şeýle hem ölüm ruhanylaryň işini togtatýandygy üçin, olaryň sany köpdi. 24Emma Isanyň baky ýaşaýandygy üçin, Onuň ruhanylygy soňsuzdyr. 25Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.

26Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir. 27Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi. 28Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.
Copyright information for TukLat16