‏ Hosea 1

1Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

Ysraýyl biwepalyk edýär

2Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen.
Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer.
Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.

3Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy. 4Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel
Ýizregel – seret: 2Pat 9:14-37.
dak,
çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin,
Ýehunyň nesline jeza bererin,
Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.
5Şol gün Ýizregel deresinde
Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy.
Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama
Loruhama – bu söz rehim ýok diýmegi aňladýar. Seret: Msr 34:6.
dak,
çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin.
Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de,
özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».

8Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy. 9Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy
Logammy – bu söz Meniň halkym däl diýmegi aňladýar. Seret: Msr 6:7.
dak.
Çünki siz-ä Meniň halkym däl,
Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.

Ysraýyl Hudaý bilen ýaraşýar

10Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz
we möçbersiz köp bolar.
Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“diýlen ýerde,
„siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“diýler.
11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer,
özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler.
Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».
Copyright information for TukLat16