‏ Hosea 13

Rebbiň gazaby

1Efraýym geplände, adamlar titreşdi.
Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi.
Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.

2Indi günä üstüne günä edýärler.
Kümüşden özlerine butlar edinýärler.
Butlar ussatlyk bilen ýasalýar.
Hemmesi ussanyň işidir.
Adamlara: «Gurbanlyk etsinler!
Göleleri öpsünler» diýýärler.

3Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly,
basym guraýan çyg ýaly,
harmandan sowrulýan harpyk dek,
tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.

4«Seni Müsürden çykaran
Hudaýyň Reb Mendirin.
Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň.
Menden başga halasgär ýokdur!

5Çölde, gurak toprakda
saňa göz-gulak bolan Mendirin.

6Meniň naharymdan, olar doýdular.
Doýandan soň olar tekepbir boldular.
Soň olar Meni unutdylar.

7Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn.
Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda,
bukuda garaşaryn.

8Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn,
olaryň döşüni çekelärin.
Ene arslan kimin olary iýip gutararyn.
Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.

9Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl.
Kim saňa kömek eder?

10Seni halas eder ýaly,
seniň patyşaň nirede?
Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“diýipdiň.
Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?

11Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim.
Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.

12Efraýymyň etmişleri baglandy.
Günäleri saklanyp goýuldy.

13Ol akylsyz oguldyr.
Burgy azaby başlanda –
wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.

14Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary?
Olary ölümden halas etmäýinmi?
Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň?
Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň?
Nazarymdan rehimi aýraryn.

15Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da,
Gündogardan epgek,
çölden Rebbiň ýeli öwser.
Onuň çeşmesi kesiler,
guýusy gurap galar.
Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».
Copyright information for TukLat16