Hosea 14
1Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker.Çünki Hudaýa garşy çykdylar.
Olar gylyçdan heläk bolarlar.
Balalary ýere ýazylyp parçalanar.
Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.
Toba ýalkanyş getirýär
2Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan.Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.
3Şu dileg bilen Rebbe dolanyň.
«Bar etmişlerimizi geç.
Ýagşy dileglerimizi kabul et.
Öküz gurbanlygyna derek
alkyş gurbanlygyny hödür ederis.
4Aşur bizi halas edip bilmez.
Söweşe atlanmarys.
Indi el bilen ýasan işimize
„hudaýymyz“diýmeris.
Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».
5«Olaryň biwepalygyna melhem ederin.
Men olary çäksiz söýerin.
Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.
6Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn.
Ol liliýa güli ýaly açylar.
Liwan kedri kimin kök urar.
7Ol pudak ýaýradar.
Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar.
Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.
8Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar.
Bugdaý kimin bol bolarlar.
Üzüm ýaly güllärler.
Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.
9Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok.
Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin.
Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn.
Seniň bar miweleriň Menden geler».
10Kim paýhasly bolsa, bu sözlere düşünsin.
Kim düşünjeli bolsa, olary bilsin.
Çünki Rebbiň ýollary düzdür.
Dogruçyllar ol ýoldan gidýärler.
Erbetler ol ýollarda büdreýärler.
Copyright information for
TukLat16