‏ Hosea 5

1«Muny eşidiň, eý, ruhanylar.
Dykgat ediň, eý, ysraýyllar!
Gulak as, patyşanyň öýi!
Siziň üstüňizden höküm çykarylar.

Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz.
Taborda gurlan tor bolduňyz.

2Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz.
Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.

3Men Efraýymy tanaýaryn,
Ysraýylam Menden gizlin däldir.
Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym.
Ysraýyl hem haramdyr.

4Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar.
Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar.
Rebbi hem tanamaýarlar.

5Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär.
Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar.
Ýahuda hem birlikde ýykylar.

6Ownukly-irili mal-garalary alyp,
Rebbi gözlemäge giderler.
Ýöne Ony tapmazlar.
Çünki Reb olardan çekildi.

7Olar nikasyz çagalar dogrup,
Rebbe biwepalyk etdiler.
Täze Aý baýramy
olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.

Reb Ysraýyl bilen Ýahuda duýduryş edýär

8Gibgada şah çal, Ramada surnaý.
Beýtawende söweş tebilini uruň.
„Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“diýip,
Beýtawende jar çekiň.

9Efraýym jeza gününde çöle öwrüler.
Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.

10 Ýahuda hökümdarlary araçäk daşyny süýşürýänlere meňzeýär.
Men olaryň üstünden gazabymy sil ýaly dökjek.

11Zulum gördi Efraýym.
Höküm bilen ezildi.
Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.

12Şonuň üçin Efraýyma güýe ýaly bolaryn,
Ýahudanyň neslini çüýrederin.

13Efraýym keselini,
Ýahuda ýarasyny görende,
Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi.
Beýik patyşadan ýardam isledi.
Ýöne ol size şypa berip bilmez,
ýaraňyza em etmez.

14Men Efraýym üçin bir şir,
Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan.
Olary parçalan hut Mendirin.
Süýräp äkiderin,
olary hiç kim halas etmez.

15Olar günälerini boýun alyp,
Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar,
hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar,
Men öz mekanyma giderin».
Copyright information for TukLat16