‏ Hosea 7

1«Men Ysraýyla em etjek bolsam,
Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar.
Çünki olar hile gurýarlar.
Öýlere ogry girýär,
köçede talaňçylyk edýärler.

2Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda.
Olar muňa üns bermeýärler.
Indi olary eden işleri gurşaýar.
Eden işleri gözümiň öňündedir.

3Olar pisligi bilen patyşasyny,
ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.

4Olaryň hemmesi zynagärdirler,
Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr.
Ýugrulan hamyr ajaýança
bişirijä ody gorjamak gerek däl.

5Patyşanyň meýlis gününde
emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler.
Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.

6Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar.
Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar.
Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.

7Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn
Öz hökümdarlaryny heläk edýärler.
Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy.
Hiç biri Meni çagyrmaýar.

8Efraýym başga halklar bilen garyşýar.
Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.

9Onuň güýjüni özgeler iýýär.
Parhyna barmady.
Saçyna çal sepildi.
Muny bilmeýär.

10Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär.
Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar.
Barybir Ony gözlemeýärler.

11Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly,
ýa müsürlileri çagyrýar,
ýa Aşura gidýär.

12Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn.
Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin.
Olara pis işleri üçin temmi bererin.

13Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar.
Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler.
Men olary halas ederdim.
Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.

14Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler.
Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar.
Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar.
Menden bolsa ýüz öwürýärler.

15Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim.
Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler.

16Olar ýok zada ýüz tutýarlar.
Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler.
Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar.
Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».
Copyright information for TukLat16