‏ Hosea 8

Ysraýyl Rebbi ret edýär

1«Surnaýy dodagyňa ýetir.
Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar.
Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.

2„Hudaýymyz, biz – Ysraýyl Seni tanaýarys“diýip,
Maňa perýat edýärler.

3Ysraýyl ýagşylygy ret etdi.
Duşman ony yzarlar.

4Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler.
Menden soragsyz serdarlary seçdiler.
Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.

5Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim.
Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady.
Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?

6Çünki bu but Ysraýylyň işidir.
Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir.
Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.

7Olar ýel ekip, tupan orarlar.
Sümmülsiz bugdaý un bermez.
Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.

8Ysraýyl ýuwudylandyr.
Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.

9Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler.
Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.

10Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa,
Men olary toplap ýygnaryn.
Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.

11Efraýym günä gurbanlyk bermäge,
köp gurbanlyk sypalaryny gurdy.
Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.

12Näçe köp kanunlar ýazsam,
olar muny ýat zat hasap edýärler.

13Maňa gurbanlyklar getirýärler,
gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler.
Reb olardan razy däldir.
Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler.
Olar Müsüre dolanarlar.

14Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy.
Özüne köşkler gurdy.
Ýahuda hem galalary köpeltdi.
Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin.
Galalaryny ot ýuwudar».
Copyright information for TukLat16