Isaiah 23
Sur hakyndaky pygamberlik
1 Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri,Sur weýran boldy,
perýat ediň!
öýsüz-öwzarsyz galdy ol.
Kiprden size habar geldi.
2Eý, ada ilaty,
deňizden geçýänleriň üsti bilen
baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3Bol suwlar ýakasynda
Şihoryň gallasy,
Niliň hasyly girdejiňdi.
Milletleriň täjiridi ol.
4Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala,
deňiz şeýle diýýär:
«Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym,
ne ýaş ýigitleri kemala getirdim,
ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5 Suruň halyna gynanar Müsür,
ol barada eşidende.
6Tarşyşa geçiň,
eý, adalylar, perýat ediň!
7Asly owaldan bäri bolan,
uzak ülkeleri ýurt edinen
şagalaňly şäheriňiz şumy?
8Täçleri berýän Sura garşy
beýle karar çykaran kim?
Suruň täjirleri şazadalardy,
täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin,
dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin,
Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10Eý, Tarşyş gyzy,
ýurduňdan Nil kimin geç;
indi bökdenç bolmaz.
11Reb deňiz üstüne elini uzadyp,
patyşalyklary titretdi;
ýok etmegi buýurdy ol
Kengan galalaryny.
12Ol diýdi:
«Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy,
sen indi şatlanmarsyň.
Bar, Kipre git,
ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13Babyllylaryň ýurduna sered-ä,
bu halk indi ýok!
Wagşy haýwanlaryň eline berdi
aşurlylar ony.
Olar gabaw diňlerini dikdiler,
galalaryny ýykyp,
haraba öwürdiler ony.
14Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri!
Galaňyz weýran boldy.
15Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler: 16Eý, unudylan kemçin,
şähere aýlan lira ▼
▼Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret.
al-da!Lira çal-da,
köp aýdymlar aýt,
seni ýatlarlar belki-de.
17Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder. 18Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.
Copyright information for
TukLat16