‏ Isaiah 36

Sanherip Iýerusalimi gorkuzýar

(2 Patyşalar 18:13-37)

1Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. 2Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy. 3Köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary, olaryň ýanyna bardylar. 4Baş wezir olara Hizkiýa şeýle diýiň diýdi: «Beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä bil baglaýarsyň? 5Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň? 6Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir. 7Eger sen maňa: ‘Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys’ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: ‘Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň’ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? 8Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? 9Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? 10Munuň üstesine-de, siz meni bu ýurdy weýran etmäge Rebden rugsatsyz gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi“».

11Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar». 12Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz täretlerini iýip, öz peşewlerini içerler».

13Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözlerini diňläň. 14Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň, ol sizi halas edip bilmez“. 15Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. 16Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. 17Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik mekanydyr“. 18Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder“diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? 19Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? 20Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?»

21Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy. 22Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.
Copyright information for TukLat16