Isaiah 37
Hizkiýa patyşa Işaýadan maslahat soraýar
(2 Patyşalar 19:1-34)
1Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi. 2Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler. 3Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr. 4Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“». 5Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, 6Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma. 7Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».Aşur patyşasynyň haýbaty
8Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi. 9Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady. 10Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Bil baglaýan Hudaýyň „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“diýip, seni aldamasyn. 11Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz? 12Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi? 13Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Henanyň we Ywahyň şalary nirede?»Hizkiýanyň dilegi
14Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy. 15Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: 16«Eý, keruplaryň ▼▼Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň. 17Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap aýdan sözlerini eşit. 18Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler. 19Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. 20Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler». Işaýa Aşur patyşasy barada pygamberlik edýär
21Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin, 22Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur:Sion boý gyzy
ýigrenç bilen seni kemsidýär,
Iýerusalim gyzy ▼
▼Sion boý gyzy… Iýerusalim gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
seniň üstüňden gülýär.
23Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň?
Kimiň garşysyna sesiňe bat berip,
kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň?
Ysraýylyň Mukaddesine!
24Hyzmatkärleriň üsti bilen
Taňryny masgaralap,
şeýle diýdiň:
‘Birtopar söweş arabalarym bilen
daglaryň üstüne çykdym,
Liwanyň jümmüşine bardym,
onuň iň uzyn kedr agaçlaryny,
gözel serwi agaçlaryny çapdym.
Men onuň iň beýik depesine,
gür jeňňeline baryp ýetdim.
25Men guýular gazyp,
suwuny içdim.
Müsüriň ähli derýalaryny,
öz dabanym bilen guratdym’.
26Eşitmediňmi näme sen
ozaldan şu netijä gelenimi?
Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm,
indi şu gün ony amala aşyrýaryn,
sen galalary weýran edersiň,
harabaçylyga öwrersiň.
27Bu galalaryň ilaty ejizdi,
aljyrap howsala düşdüler.
Olar meýdan ösümlikleriniň,
mymyk gök maýsalyklaryň,
tamyň üstündäki otlaryň,
ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.
28Emma seniň oturyp-turşuňy,
girip-çykyşyňy,
Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
29Meniň garşyma dyzanlygyň,
gopbamsylygyň
gulagyma gelip ýetendigi üçin,
burunlygymy burnuňa,
agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp,
seni gelen ýoluň bilen
yzyňa ugradaryn Men“».
30 Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň. 31Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler. 32Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“». 33Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap ýapgydy dikmez. 34Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, bu şähere girmez. Muny Men – Reb aýdýandyryn. 35Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
Sanheribiň ölümi
(2 Patyşalar 19:35-37)
36Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! 37Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. 38Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.
Copyright information for
TukLat16