Isaiah 38:1-8
Hizkiýanyň hassalygy
(2 Patyşalar 20:1-8)
1Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip: 3«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady. 4Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. 6Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“». 7Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: 8«Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.
Copyright information for
TukLat16