Isaiah 5
Miwesiz üzümçilik hakda nagma
1Söýgülime üzümçilik hakdakysöýgi nagmamy aýdaýyn:
mes toprakly depede
söýgülimiň üzümçiligi bar.
2Ony agdaryp, daşlardan arassalady,
saýlama üzümler ekdi.
Ortasynda gözegçilik diňini dikdi,
üzüm sykmak üçin çukur gazdy.
Üzüm hasylyna garaşdy,
emma ol ýabany üzüm berdi.
3Indi, eý, Iýerusalim ilaty,
Ýahuda halky!
Men bilen üzümçiligimiň arasynda
kazylyk ediň.
4Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men?
Edilmän galdyrylan iş barmy?
Hasylyna garaşanymda,
näme üçin ýabany üzüm berdi?
5Indi Men size üzümçiligime
näme etjekdigimi aýdaryn.
Men onuň haýadyny aýraryn,
ol weýran ediler;
onuň diwaryny ýykaryn,
ony basgylap zaýalarlar.
6Ony haraba öwrerin,
ony pudamazlar,
ýeri bejermezler,
onda çalydyr tikenekler biter;
bulutlara-da onuň üstüne
ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
7Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi
Ysraýylyň nesilleridir,
hoş görýän bagy-da,
ýahuda halkydyr.
Ol adalata garaşdy,
ýöne zulum gördi;
dogrulyga garaşdy,
ýöne dady-perýat eşitdi.
Adalatsyzlyk edýänleriň dat gününe!
8Öý üstüne öý,ýer üstüne ýer
edinýänleriň dat gününe!
Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz,
ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?
9Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim:
«Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler,
içinde hiç kim galmaz.
10Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik ▼
▼Bir meşik – ýewreýçe bir bat. Bu takm. 22 litre deňdir.
şerap berer,on batman ▼
▼On batman – ýewreýçe bir homer. Bu takm. 200 kg deňdir.
tohum diňe bir batman hasyl berer».11Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň,
giç agşama çenli şerap içip,
möwç alýanlaryň dat gününe!
12Meýlislerinde liradyr arfa,
deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär,
ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler,
Onuň eliniň işlerini görmeýärler.
13Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler,
at-abraýly adamlary açlykdan öler,
köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.
14Şonuň üçin doýmagy bilmeýän
ölüler dünýäsi
agzyny giňden açdy;
Iýerusalimiň at-abraýlylary,
köplügi, şowhunçylary,
şady-horramlary bu dünýä girerler,
15Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler,
tekepbir bakyşlar peseldiler.
16Emma Hökmürowan Reb
adalatlylykda beýgeldiler,
Mukaddes Hudaý dogrulykda
Öz mukaddesligini görkezer.
17Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar,
owlak-guzular
harabalyklaryň arasynda otlarlar.
18Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen,
günäni araba tanaplary bilen
süýreýänleriň dat gününe!
19Olar: «Goý, Hudaý howluksyn,
işini tiz etsin,
biz-de göreli;
Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni
tiz amala aşsyn,
biz hem ony bileli».
20Ýamana ýagşy,
ýagşa ýaman diýýänleriň,
zulmaty nur,
nury zulmat saýýanlaryň,
aja süýji,
süýjä ajy diýýänleriň
dat gününe!
21Özlerini paýhasly,
düşünjeli saýýanlaryň
dat gününe!
22Şerap içmekde batyrlaryň,
çakyr garmakda güýçlüleriň,
23para üçin günäkäri aklaýanlaryň,
dogryny hakyndan mahrum edýänleriň
dat gününe!
Keseki çozuşy öňden aýdylýar
24Oduň sypaly ýalmaýşy kimin,gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin,
olaryň köki-de şeýle çüýrär,
gülleri tozan kimin göge sowrular;
çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler,
Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.
25Munuň üçin Rebbiň gazaby
Öz halkyna garşy lowlaýar,
elini olara garşy uzadyp, jeza berýär;
daglar titreşýär,
maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr,
Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi,
eli entek hem jeza bermäge taýyn.
26Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer,
olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar,
ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.
27Içinde ýadawy, büdreýäni bolmaz,
hiç kim irkilmez ýa-da uklamaz,
billeriniň guşagy gowşamaz,
çaryklarynyň bagy üzülmez.
28Oklary ýitidir,
ýaýlary-da dartylandyr,
atlarynyň toýnaklary
çakmakdaşa meňzeýär,
arabalarynyň tigirleri tüweleýe.
29Arryldylary arslanyňky deý,
ýaş şirler kimin arlaýarlar;
arlap, awuny tutýarlar,
ony alyp gidýärler,
halas etjek ýok.
30Şol gün olar awunyň üstünde
deňiz güwwüldisi kimin arlarlar,
kim ýurda nazar salsa,
ine, garaňkylyk hem hasrat;
nur gara bulutlar bilen örtüler.
Copyright information for
TukLat16