Isaiah 62
Sionyň täze ady
1 Sionyň dogrulygy nur kimin,halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança,
Sionyň hatyrasyna,
Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.
2 Milletler dogrulygyňy,
patyşalar şöhratyňy görerler;
Rebbiň Öz agzyndan çykan
täze at bilen atlandyrylarsyň.
3Rebbiň elinde gözellik täji,
Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
4Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa,
mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa,
emma saňa «Söýdügim»,
ýurduňa «Ärli» diýler;
Reb seni söýýär,
ýurduň ärli bolar.
5Ýigidiň gyza öýlenişi dek,
ogullaryň-da saňa eýe çykarlar,
giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek,
Hudaý-da seniň üçin şatlanar.
6Eý, Iýerusalim,
diwarlaryňda gözegçiler goýdum,
gije-gündiz asla dymmaz olar.
Eý, Rebbe ýatladýanlar,
özüňize dynç bermäň,
7 Iýerusalimi berkidip,
ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä,
oňa ynjalyk bermäň.
8Reb Öz sag elinden,
güýçli golundan ant içdi:
«Indi gallaňy duşmanlaryňa
iýmit hökmünde bermerin,
öz zähmetiň siňen şerabyňy
kesekiler içmezler.
9Hasylyny ýyganlar iýip,
Rebbe alkyş aýdarlar,
ony toplanlar,
mukaddes howlularymda içerler».
10Geçiň, geçiň derwezelerden!
Halkyň ýoluny taýynlaň!
Çekiň, çekiň şaýoly,
ony daşlardan arassalaň,
halklar üçin baýdak dikiň!
11Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi:
«Sion gyzyna ▼
▼Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
şeýle diý:„Ine, Halasgäriň gelýär;
Onuň sylagy ýanyndadyr“».
12Olara «Mukaddes halk,
Rebbiň azat edenleri» diýler,
saňa bolsa «Hudaýyň agtarany,
terk edilmedik şäher» diýler.
Copyright information for
TukLat16