Isaiah 66
Höküm we umyt
1 Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym,ýer aýagyma kürsüdir.
Maňa gurjak öýüňiz hany?!
Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
2Öz elim ýaratdy bularyň baryn,
hemmesi-de Meniňkidir!
Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga,
sözüme titreýäne nazar salaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
3«Öz ýollaryny saýlaýanlar,
nejis işlerinden lezzet alýanlar bar.
Öküzi gurbanlyk berýän
adam öldüren bilen deňdir,
guzyny gurbanlyk berýän
itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr;
galla sadakasyny beryän
doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir,
ýakymly ysly tütetgi tütedyän
buta sežde eden ýalydyr.
4Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem,
gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin;
çünki Men çagyranymda,
hiç kim jogap bermedi,
geplänimde, diňlemediler;
Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,
Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».
5Eý, Rebbiň sözüne titreýänler,
Onuň sözüne gulak goýuň:
«Sizi ýigrenýän,
Meniň adym üçin
sizi ret edýän doganlaryňyz:
„Reb şöhratlandyrylsyn,
bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“diýdiler.
Emma olaryň özleri utandyrylar».
6Şäherden bir güýçli ses,
ybadathanadan bir ses eşidilýär!
Duşmanlarynyň jezasyny berýän
Rebbiň sesidir bu!
7Burgusyz dogurdy,
bir ogul dogurdy azap çekmän.
8Şeýle zady eşiden barmy?
Gören barmy şeýle zady?
Ýurt bir günde doglarmy?
Bir demde dünýä inermi millet?
Emma Sion burgusy tutan dessine
ogullaryny dogurdy.
9«Men dogurma pursadyna ýetiribem,
dogurtmaýynmy?» diýýär Reb.
«Dogurmaga güýç berýän Men
ýatgyny ýaparynmy?» diýýär Hudaýyň.
10 Iýerusalim bilen bile şatlanyň,
onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler,
eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar,
onuň bilen bile şatlanyň.
11Onuň göwsünden emip,
doýarsyňyz, teselli taparsyňyz;
ganyp-ganyp içip,
doly göwsünden lezzet alarsyňyz.
12Reb şeýle diýýär:
«Men abadançylygy derýa dek,
milletleriň baýlygyny
daşgyn çeşme dek
oňa ugrukdyraryn,
ol sizi emdirip,
elinde göterer,
aýagynda yralar.
13Enäniň çagasyna teselli berşi dek,
Menem size teselli bererin.
Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».
14Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar,
bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser;
Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar,
Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.
15Çünki Reb alaw bilen gelýär,
söweş arabalary tüweleý dek,
lowlaýan gazabyny, käýinjini
ýalynly alaw kimin döker.
16Reb bütin adamzada
otdur gylyjy bilen höküm eder,
Rebbiň öldürenleri köp bolar.
17 Butparaz seždegählerine girmek üçin,
özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler,
şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda
baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
18Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler. 19Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler. 20Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler. 21Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn». 22– 23«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr. 24Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.
Copyright information for
TukLat16