Isaiah 7
Ahaz patyşa berlen habar
1Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy. 2Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi. 3Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň: 4„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme. 5Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady. 6Olar: ‘Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň’ diýdiler. 7Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: ‘Bu amala aşmaz,berjaý bolmaz ol.
8Damask Siriýanyň paýtagtydyr,
Resin Damaskyň baştutanydyr.
Halk bolmakdan galar Efraýym,
altmyş bäş ýylyň içinde synyp.
9 Samariýa Efraýymyň paýtagty,
Remalýanyň ogly Samariýanyň başy,
ynamda berk durmasaňyz,
berk durmarsyňyz asla’“».
Imanuweliň alamaty
10Reb ýene-de Ahaza: 11«Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi. 12Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi. 13Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz? 14Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel ▼▼Imanuwel – bu söz Hudaý biziň bilen diýmegi aňladýar.
dakar. 15Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer. 16Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler. 17Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer». 18Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar. 19Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar. 20Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar. 21Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar. 22Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer. 23Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler. 24Tutuş ýurt çalylyga we tikenlige öwrüler; adamlar ol ýere okdur ýaýlary bilen gider. 25Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.
Copyright information for
TukLat16