James 3
Diliňize erk ediň
1Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz. 2Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir. 3Biz atlaryň tabyn bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk dakyp, olaryň tutuş göwresini dolandyrýarys. 4Ine, gämilere serediň! Olar güýçli hem batly ýeller bilen kowulsa-da, bir kiçijik kürek arkaly sürüjiniň islän tarapyna öwrülýär. 5Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir. 6Dil hem bir otdur, beden agzalarynyň arasyndaky ýamanlyk dünýäsidir. Ol tutuş barlygyňyzy weýran edýändir, dowzah ody bilen bütin durmuşyňyzy köýdürýändir. 7Ynsan her dürli haýwanlara, guşlara, süýrenijilere, deňiz jandarlaryna diýenini etdirendir we etdirýändir. 8Emma hiç bir ynsan diline diýen etdirip bilýän däldir. Dil gutarmaýan pislik bolup, öldüriji zäherden doludyr. 9Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy ▼▼Atamyzy – käbir golýazmalarda Ata Hudaýy.
alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris. 10Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir. 11Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy? 12Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz! Hakyky danalyk
13Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin. 14Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar! 15Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr. 16Çünki bahyllygyň, men-menligiň bar ýerinde bidüzgünçilikler we her dürli pyssy-pyjurlyklar hem bardyr. 17Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär. 18Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.
Copyright information for
TukLat16