James 4
Hudaýa tabyn boluň!
1Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi? 2Siz isleýärsiňiz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz; adam öldürýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, emma hiç bir maksadyňyza ýetip bilmeýärsiňiz; dawa-jenjeldir galmagal turuzýarsyňyz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz, sebäbi Hudaýdan dilemeýärsiňiz. 3Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz. 4Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr. 5Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ▼▼Bize beren – käbir golýazmalarda bizde mesgen tutan.
ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi? 6 bEmma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir». 7Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar. 8Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň. 9Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin. 10Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder. 11Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir. 12Emma Kanun Çykaryjy we Kazy birdir, Ol halas etmegi-de, heläk etmegi-de başarýandyr. Başga adamlara kazylyk eder ýaly, sen kim bolupsyň? Tekepbirlik etmäň
13Indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly şol ýerde geçirjek, söwda-satyk etjek, pul gazanjak» diýýänler, maňa gulak asyň! 14Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr. 15Muňa derek: «Reb oňlasa, ýaşarys, ony ýa-da muny ederis» diýmelisiňiz. 16Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir. 17Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.
Copyright information for
TukLat16