‏ James 2

Tarapgöýlik etmäň

1Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň. 2Aýdaly, siziň ýygnagyňyza altyn ýüzük dakynyp, nepis eşikler geýnen baý adam bilen köne-sana geýnen garyp adam gelipdir. 3Siz baý adama hormat goýup: «Geliň, töre geçiň» diýseňiz, emma garyba: «Sen ol ýerde dur» ýa-da «Bu ýerde, aýak astynda otur» diýseňiz, 4bu siziň tarapgöýlik etdigiňiz bolmazmy? Eger şeýle etseňiz, erbet pikirli kazylara meňzärsiňiz.

5Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme? 6Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi? 7Siziň degişli bolan Hudaýyňyzyň beýik adyna dil ýetirýänler hem baýlar dälmi näme? 8 aEger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz. 9Emma adamlara tarapgöýlik edýän bolsaňyz, günä edýänsiňiz we Mukaddes Kanunyň öňünde kanuny bozan hasaplanýansyňyz. 10Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr. 11 bSebäbi «Zyna etme» diýen Hudaý «Adam öldürme» hem diýendir. Eger siz zyna etmeseňiz, emma adam öldürseňiz, kanuny bozan jenaýatkär bolýansyňyz.

12Şonuň üçin hem, her bir gepiňiz we hereketiňiz azatlyk berýän kanun boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun. 13Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.

Iman we oňat işler

14Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?! 15Pikir edip görüň, imanly erkek ýa-da aýal doganyňyzyň biri aç-ýalaňaç bolsa, 16siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar? 17Iman babatda hem şeýledir, eger iş ýüzünde görkezilmese, ol öz-özünden ölüdir.

18Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin.

Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!
19Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.

20Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny
Peýdasyzdygyny – käbir golýazmalarda ölüdigini.
bileňokmy?
21 dAtamyz Ybraýym gurbanlyk sypasynda öz ogly Yshagy hödürlemek bilen aklanmadymy eýsem? 22Seret, onuň imany bilen amallary birlikde hereket etdi we imany şu amalda kämil boldy. 23 eŞeýlelik bilen, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýen söz amala aşdy. Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy. 24Gördüňmi, ynsan diňe bir iman bilen däl, eýsem, eden işleri arkaly hem aklanýandyr.

25 fEdil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi. 26Edil jansyz bedeniň öli bolşy ýaly, amalsyz iman hem ölüdir.
Copyright information for TukLat16