Jeremiah 1
1Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir. 2Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. 3Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründen, onuň beýleki ogly Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň bäşinji aýyna çenli, ýagny Iýerusalim halkynyň ýesir edilip äkidilen wagtyna çenli Ýermeýa Rebbiň sözüniň gelmegi dowam etdi.Reb Ýermeýany çagyrýar
4Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Men seni eneňiň göwresindeşekil bermezimden öň tanadym.
Eneden dogulmazyňdan öň
seni Özüme bagyş etdim,
milletlere pygamber belledim».
6Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim. 7Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme.
Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň;
näme buýursam, şony aýdarsyň.
8Olardan gorkma,
seni halas etmek üçin
Men seniň bilendirin».
Muny Reb aýdýandyr.
9Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.
10Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary
sogrup taşlamagy we ýykmagy,
ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi,
gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».
11Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim. 12Onsoň Reb maňa: «Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin ▼
▼Gözegçilik edýärin – ýewreýçe badam we gözegçilik edýärin sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Bu söz oýnatmadyr.
» diýdi. 13Maňa ýene Rebbiň sözi gelip, Ol: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Demirgazykda biz tarapa gyşaryp gaýnap duran gazany görýärin» diýip jogap berdim. 14Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner. 15Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar. 16Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin. 17Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn. 18Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim. 19Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.
Copyright information for
TukLat16