Jeremiah 17
Ýahudanyň günäsi
1«Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazyldy. Bu olaryň ýürekleriniň gatyna, gurbanlyk sypalarynyň şahlaryna çakmak daşy bilen oýulyp ýazyldy. 2Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr. 3Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde ▼▼Günäleriňiň tölegi hökmünde – ýa-da günäleriň we seždegähleriň sebäpli.
olja edip paýlaryn. 4Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar». Rebbe bil bagla!
5 Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan,ynsanyň güýjüne daýanan,
ýüregi Rebden daşlaşan
adama nälet bolsun!
6Ol çöldäki bir çaly ýalydyr,
ýagşylyk gelende ony görmez.
Gurak çölde, ilatsyz şorlukda ýaşar.
7Rebbe bil baglan,
Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
8Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir,
çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar.
Yssydan gorkýan däldir,
ýapragy hemişe ýaşyldyr.
Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz,
miwe bermekden asla galmaz».
9Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir,
halys ýoldan çykandyr.
Oňa kim düşünip biler?
10«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna,
eden işlerine görä jeza bermek üçin,
ynsanyň ýüregini barlaýaryn,
pikirlerini synaýaryn».
11Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk
ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir.
Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider,
ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.
12 Mukaddes öýümiz owal-başdan
belende göterilen
şöhratly tagt kimindir.
13Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy!
Seni terk edenleriň bary utanja galar.
«Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler,
çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».
14Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn.
Meni halas et, halas bolaýyn,
çünki öwgim diňe Sensiň.
15Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede?
Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler.
16Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym.
Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim.
Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň,
ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.
17Meni howp astyna salma,
betbagtlyk güni penakärim Sensiň.
18Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn,
emma meni utanja goýma.
Goý, olar gorka düşsün,
emma meni gorka salma.
Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip,
goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.
19Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň girip-çykýan Halk derwezesi bilen Iýerusalimiň ähli derwezelerine git-de, ol ýerde dur. 20Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“». 21Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. 22Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. 23Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar». 24Reb ýene şuny aýdýandyr: «Eger siz Maňa gulak asyp, Sabat güni bu şäheriň derwezelerinden ýük salmasaňyz, hiç bir iş etmän, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, 25onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar. 26Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler. 27Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».
Copyright information for
TukLat16