‏ Jeremiah 18

Ýermeýa küýzegäriň öýünde

1Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Tur, küýzegäriň öýüne gir, sözlerimi şol ýerde saňa aýan ederin». 3Men küýzegäriň öýüne gitdim. Men onuň çarhyň başynda işläp oturanyny gördüm. 4Küýzegäriň toýundan ýasaýan küýzesi elinde döwlende, ol öz isleýşi ýaly palçykdan başga bir küýze ýasady. 5Onsoň maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy: 6«Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky! 7Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem, 8emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin. 9Aýdaly, Men bir milleti ýa-da patyşalygy berkarar edip, bina etmek hakynda jar eden bolsam, 10emma bu millet meniň nazarymda pis işler edip, sözüme gulak asmasa, onda Men oňa etjek ýagşylygymdan el çekerin. 11Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“. 12Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“diýerler. 13Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Milletler arasynda soraň, bular ýaly zady kim eşidipdir? Ysraýyl boý gyzy örän elhenç iş etdi. 14Liwanyň gary onuň beýik gaýalaryny, heý, terk edermi? Onuň uzakdan akýan sowuk bulaklary heý kesilermi? 15Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler. 16Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar. 17Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“». 18Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi. 19Ýa Reb, Sen maňa gulak goý,
garşydaşlarymyň sesini eşit!
20Ýagşylyga ýamanlyk edilermi?
Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar.
Gazabyňy olardan sowmak,
olara ýagşylyk dilemek üçin,
huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.
21Munuň üçin çagalaryny açlyga ber,
kesgir gylyja tabşyr.
Aýallary perzentsiz dul galsyn,
erkeklerini ajal alsyn,
ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.
22Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde,
öýlerinden dady-perýat eşidilsin.
Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar,
aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.
23Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen
bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň.
Olaryň ýazygyny bagyşlama,
günälerini nazaryňdan düşürme.
Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar,
olara garşy gazabyňda hereket et.
Copyright information for TukLat16