‏ Jeremiah 19

Döwlen küýze

1 Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp, 2Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et. 3Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar. 4Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar. 5Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi. 6Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr. 7Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin. 8Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar. 9Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.

10Onsoň sen özüň bilen gidenleriň gözüniň alnynda küýzäni döw. 11Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. 12Men bu ýeri hem, onuň ilatyny hem şeýle ederin. Bu şäheri edil Topet ýaly ederin. Muny Reb aýdýandyr. 13Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».

14Onsoň Ýermeýa özüni Rebbiň pygamberlik etmek üçin iberen ýeri bolan Topetden geldi. Ol Rebbiň öýüniň howlusynda durup, tutuş halka şeýle diýdi: 15«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».
Copyright information for TukLat16