Jeremiah 2
Ysraýyl halky Rebden ýüz öwürýär
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy,gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan,
çölde – ekin bitmeýän ýerde,
Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.
3 Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr,
Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir.
Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup,
üstlerinden betbagtlyk indi“.
Muny Reb aýdýandyr.
4Rebbiň sözüne gulak asyň,
eý, Ýakup nesli,
Ysraýylyň ähli kowumlary!
5Reb şeýle diýýär:
„Menden uzaklaşar ýaly,
ata-babalaryňyz Menden
näme ýamanlyk gördüler?
Biderek zatlaryň yzyna eýerip,
özleri-de biderek boldular.
6Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran,
çölde, çukurlykda hem çolalykda,
gurak hem tüm garaňkylykda,
hiç kimiň aýak basmadyk,
hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde
bize ýol görkezen Reb nirede?’
diýip soramadylar.
7Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip,
getirdim Men sizi bereketli ýere.
Emma gireniňizde ol ýere,
haram etdiňiz siz ülkämi,
nejis zada öwürdiňiz mülkümi.
8 Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar.
Kazylar Meni tanamadylar,
ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar,
pygamberler Bagal butunyň adyndan
pygamberlik edip,
biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.
9Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn.
Muny Reb aýdýandyr.
Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.
10Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň,
Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň.
Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar?
11Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy?
Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl.
Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny
çalyşdy biderek zada.
12Eý, gökler, muňa aňk-taňk boluň,
gorkudan titreşiň.
Muny Reb aýdýandyr.
13Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi:
akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler,
özlerine howdanlar, gyrasy çat açan,
suw saklamaýan howdanlar gazdylar.
14Ysraýyl gulmy näme?
Ol dogabitdi hyzmatkärmi?
Onda neçün ol olja boldy?
15Arslanlar oňa garşy arladylar,
seslerine bat berdiler.
Ysraýyl ýurduny weýran etdiler,
şäherlerini haraba öwürdiler,
ol ýerde bir adam-da galmady.
16Memfis we Tahpanhes halky
pytratdy kelleçanagyňy.
17Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi,
inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.
18Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge
gidýärsiňiz Müsüre?
Ýewfrat derýasyndan ganmaga
gidýärsiňiz Aşura?
19Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar,
dönükligiňiz paş eder.
Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň,
Ondan gorkmazlygyň pislikdigini,
ajydygyny biliň hem görüň.
Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
20Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp:
‘Saňa gulluk etmerin’.
Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň,
gür ýaprakly her bir agajyň astynda
zyna etdiň serlip ýatyp.
21Ekipdim seni iň oňat tohumdan
saýlama üzüm agajy hökmünde.
Eýsem nädip sen azyp,
öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?
22Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny,
durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
23Sen nädip: ‘Men haram däl.
Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň?
Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör!
Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.
24Sen çöle öwrenişen,
gyzgyn demi bilen şemala
pyşgyran gulansyň.
Esrän wagty ony kim saklap biler?
Ýadamaz ony gözleýänleň hijisi,
esrän wagty taparlar ony.
25Aýagyňy ýalaňaçlykdan,
bogazyňy suwsuzlykdan gora.
Emma sen: ‘Tamakin bolma!
Men keseki hudaýlary söýdüm,
olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.
26Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek,
ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da,
ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da,
pygamberleri-de utandylar.
27Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’,
bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler.
Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler.
Emma başlaryndan bela inende,
‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.
28Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede?
Başyňyzdan bela inende,
sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler.
Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa,
hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.
29Neçün siz Maňa şikaýat edýäňiz?
Baryňyz Maňa garşy baş galdyrdyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
30Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim,
barybir olar ýola gelmediler.
Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý
pygamberleriňizi ýuwutdy.
31Eý, bu döwrüň nesilleri,
Rebbiň sözüne gulak goýuň.
Men Ysraýyl üçin bir çöllük,
boldummy tüm garaňky ýurt?
Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin,
barmarys ýanyňa gaýdyp’?
32Heý-de gyz öz şaý-seplerini,
gelin öz kürtesini unudarmy?
Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.
33Sen oýnaşlaryňy gözläniňde,
ýoluňy tapmaga nähili ussat!
Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.
34Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan,
ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam.
Bu zatlaryň baryna garamazdan,
35sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde,
Rebbiň gahary sowuldy menden’.
Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin,
Men seniň üstüňden höküm çykararyn.
36Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik?
Aşurda masgara bolşuň dek,
masgara bolarsyň Müsürde hem.
Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy,
indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen.
Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».
37
Copyright information for
TukLat16