Jeremiah 23
Dogruçyl Şaha
1«Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr. 2Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr. 3Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler. 4Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr. 5Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. 6Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar. 7Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr. 8Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».Galp pygamberler
9 Pygamberler hakynda:Ýüregim içimde syndy,
ähli süňklerim sandyraýar.
Reb sebäpli,
Onuň mukaddes sözleri sebäpli
men serhoş adam kimin,
şerabyň ýesiri kimin boldum.
10Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr,
ýurt nälet zerarly ýas tutýar,
çölüň örüleri guraýar.
Adamlar pis ýola düşüp,
güýçlerini zorluga sarp edýär.
11«Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr,
olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm.
Muny Reb aýdýandyr.
12Munuň üçin ýöreýän ýollary olara
garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar,
ol ýerde büdräp ýykylarlar.
Çünki jeza ýyly
olaryň başyna bela getirerin.
Muny Reb aýdýandyr.
13 Samariýa pygamberleriniň arasynda
Men bu nejis işi gördüm:
Bagalyň adyndan pygamberlik edip,
olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.
14 Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da
aýylganç zat gördüm:
olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler,
ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler,
şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär.
Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin,
boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.
15Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
„Men olara ajy ýowşan iýdirjek,
zäherli suw içirjek.
Çünki Iýerusalim pygamberleriniň
hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“.
16Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler. 17Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler. 18Rebbiň sözüni eşidip, görmek üçin, kim Onuň maslahatynda boldy?
Onuň sözüni ýerine ýetirmek üçin,
kim Oňa gulak asdy?
19Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup,
gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.
20Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança,
Rebbiň gahar ody ýatyşmaz.
Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.
21Bu pygamberleri Men ýollamadym,
olaryň özleri ylgadylar.
Olar bilen gepleşmedim,
özlerinden pygamberlik etdiler.
22Emma olar maslahatymy alsadylar,
halkyma sözlerimi eşitdirerdiler,
şonda halky ýaman ýollaryndan,
şer işlerinden gaýtarardylar.
23Eýsem Men diňe ýakyndaky Hudaýmy? Uzakdaky Hudaý dälmi? Muny Reb aýdýandyr. 24Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr. 25Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim. 26Ýalan sözleýän, öz ýürek hilelerini beýan edýän pygamberleriň kalbynda bu haçana çenli dowam eder? 27Bagal sebäpli ata-babalar Meniň adymy unutdylar. Indi bu pygamberler hem biri-birine gürrüň berýän düýşleri arkaly halkyma Meniň adymy unutdyrjak bolýarlar. 28Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr. 29Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr. 30Munuň üçin Men biri-birlerinden sözümi ogurlaýan pygamberlere garşydyryn. Muny Reb aýdýandyr. 31‘Reb şeýle diýýär’ diýip, öz bilenlerini aýdýan pygamberlere Men garşydyryn“. Muny Reb aýdýandyr. 32Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr. 33Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr. 34Eger bir pygamber, ruhany ýa-da halkyň içinden biri „Bu Rebden gelen pygamberlik sözi ▼
▼Pygamberlik sözi – ýewreýçe massa diýen söz pygamberlik sözi, şeýle hem ýük diýmegi aňladýar. Bu söz oýnatmadyr.
“diýse, ol adamy hem, onuň tutuş hojalygyny hem jezalandyraryn. 35Siz öz araňyzda biri-biriňizden: „Reb näme jogap berdi? Reb näme diýdi?“diýip soramalysyňyz. 36Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz. 37Siz pygamberden: „Reb saňa näme jogap berdi? Näme diýdi?“diýip soramalysyňyz. 38Emma siz: „Rebden gelen pygamberlik sözi“diýýärsiňiz. Muny Reb aýdýandyr. Men size bu sözleri aýtmaň diýip habar iberen hem bolsam, siz „Rebden gelen pygamberlik sözi“diýen sözleri ýene aýtdyňyz. 39Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn. 40Üstüňize hiç wagt unudylmajak ebedilik utanç we tükeniksiz ryswalyk getirerin».
Copyright information for
TukLat16