‏ Jeremiah 25

Ýetmiş ýyl

1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy. 2Ýermeýa pygamber muny bütin ýahuda halkyna we tutuş Iýerusalim ilatyna ýetirip, şeýle diýdi: 3«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz. 4Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz. 5Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň. 6Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“. 7Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz. 8Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meniň sözlerime gulak asmandygyňyz üçin, 9Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. 10Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn. 11Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. 12Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. 13Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, bu kitapda ýazylan zatlaryň baryny ol ýurduň başyna getirerin. 14Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».

Rebbiň gazap käsesi

15 Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. 16Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler».

17Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim. 18Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim. 19Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna; 20ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna; 21Edoma, Mowaba, ammonlara; 22ähli Sur hem Sidon patyşalary bilen deňziň aňyrsyndaky halklaryň patyşalaryna; 23Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; 24Arabystanyň we çölde ýaşaýan keseki halklaryň ähli patyşalaryna; 25bütin Zimri, Eýlam, Madaý patyşalaryna; 26demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak
Şeşak – bu Babylyň beýleki ady.
patyşasy içjekdir.

27«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“. 28Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz! 29Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

30Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker,
mukaddes mekanyndan seslener,
agylyna garşy güňleç arlar.
Bütin dünýäniň ilatyna garşy
üzüm sykýanlar kimin gygyrar.
31Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter,
çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar.
Ol ähli adamzada höküm çykarar,
erbetleri gylyçdan geçirer“.

Muny Reb aýdýandyr.
32Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
„Ine, bela milletden-millete ýaýraýar,
ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“.

33Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar. 34Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň!
Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň!
Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz,
ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.
35Çopanlar gaçyp bilmezler,
süri baştutanlary gutulyp bilmezler.
36Eşit çopanlaryň perýat edýän sesini,
süri baştutanlarynyň uwwuldysyny!
Çünki Reb weýran edýär olaň örüsini.
37Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa
parahat agyllar dargady.
38Reb arslan deý süreninden çykdy.
Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa,
zalymlaryň gaharyndan ýaňa,
olaň ýurdy harabalyga döndi».
Copyright information for TukLat16