Jeremiah 27
Ýermeýa boýuntyryk dakynýar
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň ▼▼Sidkiýa – käbir golýazmalarda Ýehoýakym.
şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. 2Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak. 3Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber. 4Çaparlara öz hojaýynlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Rebbiň şeýle diýýändigini buýur: 5„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin. 6Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim. 7Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler. 8Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“. 9„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň. 10Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz. 11Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“». 12Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň. 13Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi? 14Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler. 15Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn». 16Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. 17Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun? 18Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar. 19– 20Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik zatlary: sütünler, howuz, araba we beýleki gap-gaçlar bar. Hökmürowan Reb olar hakda söz açýar. 21Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär: 22„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».
Copyright information for
TukLat16