Jeremiah 31
1«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar».Muny Reb aýdýandyr.
2Reb şeýle diýýär: «Özlerine rahatlyk gözläp, uzak ýol sökenlerinde,
gylyçdan gutulan halk çölde merhemet tapar».
3Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi:
«Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm,
şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.
4Men seni ýene dikelderin,
sen täzeden dikelersiň,
eý, Ysraýyl boý gyzy!
Sen ýene deprekleriňi alyp,
şadyýan tans edýänlere goşularsyň.
5 Samariýa daglarynda ýene-de
üzüm agaçlaryny ekersiň.
Bag ekenler miwesinden-de iýerler.
6Gözegçileriň Efraýym daglarynda:
„Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna,
Siona çykalyň“–
diýip gygyrjak günleri geler».
7Çünki Reb şeýle diýýär:
«Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň,
milletleriň baştutany üçin batly gygyryň.
Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň:
„Ýa Reb, halas et halkyňy,
Ysraýylyň aman galanlaryny“.
8Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin,
dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn;
olaryň arasynda kör, agsak,
göwreli we çaga dogurýan hem bolar;
olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.
9Olar aglaý-aglaý gelerler,
yzlaryna getirenimde doga okarlar.
Olary akar suwlaryň boýy bilen,
taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin.
Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn,
Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.
10Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler,
ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň:
„Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar,
çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.
11Çünki Reb Ýakuby halas eýledi,
ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.
12Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar,
Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga,
owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar.
Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.
13Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler,
gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar.
Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin,
gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.
14 Ruhanylary doýraryn bol iýmitden,
halkym hem doýar näz-nygmatdan».
Muny Reb aýdýandyr.
15Reb şeýle diýýär:
«Ramadan bir ses eşidildi,
agy we ajy perýat sesleri,
Rahel çagalary üçin aglaýar,
teselli berilmegini islemeýär,
çünki indi olar ýok».
16Reb şeýle diýýär:
«Sesiňi agydan, gözleriňi ýaşdan sakla,
çünki çekýän zähmetiňiň öwezi tölener,
çagalaň duşman ýurdundan yzyna geler.
Muny Reb aýdýandyr.
17Seniň geljegiň üçin umyt bardyr,
çagalaň öz dogduk mekanyna dolanar.
Muny Reb aýdýandyr.
18Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim:
„Men baş öwredilmedik öküz ýalydym.
Sen maňa terbiýe berdiň,
men sapak aldym.
Meni dogry ýola sal, ýola geleýin,
çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.
19Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim,
akylyma aýlananymda dyzyma urdum.
Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa
utandym hem ile ryswa boldum“.
20Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir?
Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir?
Onuň adyny agzan çagymda,
ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men.
Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär,
oňa, elbetde, rehim ederin.
Muny Reb aýdýandyr.
21Özüň üçin çelgiler goý,
ýol görkezýän sütünler dik,
ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla.
Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy,
öz şäherleriňe tarap öwrül!
22Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek,
eý, biwepa gyz?
Reb dünýäde täze zat ýaratdy:
aýal goraýar erkegi».
23Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany,
eý, mukaddes dag!“
24Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar. 25Argyn jana dynçlyk bererin,
ähli mejalsyzlary doýraryn».
26Şol pursat men oýanyp seretdim welin, ukym şeýle süýji eken. 27Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler. 28Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr. 29Şol günler adamlar: „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“diýip, mundan beýläk bu nakyly aýtmazlar. 30Ýöne her kim öz ýazygy üçin öler, turşy üzüm iýen her adamyň öz dişi gamaşar».
Täze äht wadasy
31Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. 32Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr. 33Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. 34Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr. 35Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär: 36«Eger bu kanunlar Meniň huzurymda ýatyrylsa, onda Ysraýyl nesli-de huzurymda millet bolmakdan ebedilik aýrylar». Muny Reb aýdýandyr. 37Reb şeýle diýýär: «Eger ýokarda gökleri ölçäp bolýan bolsa, aşakda ýeriň binýatlaryny barlap bolýan bolsa, onda eden ähli işleri üçin Men hem bütin Ysraýyl neslini ret ederin». Muny Reb aýdýandyr. 38Reb şuny aýdýandyr: «Hananel diňinden Burç derwezesine çenli Iýerusalim şäheriniň Men-Reb üçin täzeden guruljak günleri hökman geler. 39Bu ýerden ölçeg ýüpi Garep depesine çenli dogry uzalyp gider we Gowa tarap öwrüler. 40Jesetler we küller taşlanan jülgeleriň hemmesi, Kidron deresine çenli bolan ähli ýerler, gündogardaky At derwezesiniň çetine çenli Maňa mukaddes bolar. Şäher indi ýerinden sökülmez, indi hiç haçan ýykylmaz».
Copyright information for
TukLat16