Jeremiah 32:6-9
6Ýermeýa özüne Rebbiň şu sözüniň gelendigini aýtdy: 7«Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“». 8Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim. 9Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal ▼▼Otuz bäş mysgal – ýewreýçe on ýedi şekel. Bu takm. 200 gr deňdir.
kümüş çekip berdim.
Copyright information for
TukLat16