Jeremiah 35
Rekaplaryň göreldesi
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir». 3Onsoň men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýagazanýany, onuň doganlaryny, ogullaryny we Rekabyň ähli kowumlaryny alyp, 4olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady. 5Onsoň men Rekabyň kowumlarynyň öňünde şerapdan doly küýzeler bilen käseler goýup, olara: «Şerap içiň» diýdim. 6Emma olar şeýle jogap berdiler: «Ýok, biz içjek däl, çünki atamyz Rekabyň ogly Ýonadap bize şeýle buýruk berdi: „Siziň özüňiz-de, çagalaryňyz-da hiç wagt şerap içmeli dälsiňiz. 7Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“. 8Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik. 9Içinde ýaşar ýaly öýler gurmadyk, baglar, üzümçilikler, ekinler ekmedik. 10Biz çadyrlarda ýaşadyk. Atamyz Ýonadaba gulak asyp, özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. 11Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs». 12Onsoň Ýermeýa Rebbiň sözi gelip, 13Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýandyr. 14Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz. 15Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz. 16Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“. 17Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“». 18Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz. 19Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».
Copyright information for
TukLat16