Jeremiah 37
Ýermeýa bilen Sidkiýa patyşa
1Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi. 2Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar. 3Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!» 4Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy. 5Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler. 6Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 7«Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar. 8Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“. 9Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler! 10Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».Ýermeýa tussag edilýär
11 Faraonyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende, 12Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi. 13Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi. 14Ýermeýa bolsa: «Ýalan! Men babyllylaryň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Ýöne Ýiriýaý oňa gulak asmady we Ýermeýany tussag edip, ýolbaşçylaryň ýanyna getirdi. 15Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi. 16Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy. 17Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi. 18Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni tussaghana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim? 19„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede? 20Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin, meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin». 21Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.
Copyright information for
TukLat16