Jeremiah 38
Ýermeýa gurruk guýa taşlanýar
1Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Şelemýanyň ogly Ýehukal we Malkyýanyň ogly Paşhur Ýermeýanyň ähli halka aýdan bu sözlerini eşitdiler: 2«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“. 3Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“». 4Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». 5Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. 6Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. 7Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy. 8Ebetmelek patyşanyň köşgünden çykyp, patyşa ýüzlenip: 9«Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi gurruk guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi. 10Onsoň patyşa efiopiýaly Ebetmelege: «Ýanyňa otuz adam al-da, Ýermeýa pygamber ölmänkä, ony guýudan çykar» diýip buýruk berdi. 11Şeýlelikde, Ebetmelek adamlary ýanyna alyp, patyşanyň köşgündäki ýerzemine girdi we ol ýerden ýyrtyk eginbaşlary, köne-söne esgileri aldy. Olary tanap bilen guýynyň içine – Ýermeýa sallady. 12Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi. 13Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.Sidkiýa patyşa Ýermeýadan ýene maslahat soraýar
14Onsoň Sidkiýa patyşa adam iberip, Ýermeýa pygamberi Rebbiň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Men senden bir zat sorajak, ýöne menden hiç zady gizleme» diýdi. 15Ýermeýa Sidkiýa: «Eger saňa aýtsam, meni öldürersiň. Eger-de saňa maslahat bersem, meni diňlemersiň» diýdi. 16Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi. 17Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň. 18Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“». 19Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi. 20Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň. 21Emma boýun egmeseň, Reb maňa şuny görkezdi: 22Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy,olar seni ýeňlişe sezewar etdi;
batga batdy seniň aýaklaryň,
ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.
23Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar». 24Onsoň Sidkiýa Ýermeýa şeýle diýdi: «Bu gürrüňimizi hiç kim bilmesin, ýogsam ölersiň. 25Eger ýolbaşçylar meniň seniň bilen gepleşendigimi eşidip, ýanyňa gelip: „Patyşa bilen araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, hiç zady ýaşyrman bize aýdyp ber, ýogsam seniň ýoguňa ýanarys“diýseler, 26olara: „Meni yzyma Ýonatanyň öýüne iberme, ýogsam men ol ýerde ölerin diýip patyşa ýalbardym“diýip aýt». 27Onsoň ähli ýolbaşçylar Ýermeýanyň ýanyna gelip, ony sorag etdiler. Ol hem patyşanyň buýran sözlerine görä jogap berdi. Edilen gürrüň bilinmän galansoň, olar oňa hiç zat diýmediler. 28Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.
Copyright information for
TukLat16