‏ Jeremiah 41

Ysmaýyl Gedalýany öldürýär

1Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar, 2Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi. 3Ysmaýyl Mispada Gedalýa bilen bile bolan ähli ýahudalary-da, ol ýerdäki babyl esgerlerini-de öldürdi.

4Gedalýa öldürilenden bir gün geçensoň, entek muny hiç kim bilmeýärkä, 5Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy. 6Olary garşylamak üçin, Mispadan Netanýanyň ogly Ysmaýyl geldi. Ol aglaý-aglaý adamlaryň deňine gelip, olara: «Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baryň» diýdi. 7Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar. 8Ýöne olaryň arasyndan on adam: «Bizi öldürme! Biziň meýdanda gizläp goýan bugdaýymyz, arpamyz, ýagymyz we balymyz bar» diýdi. Şeýlelikde, ol pikirinden dänip, olary ýoldaşlary bilen birlikde öldürmedi. 9Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny gurruk guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy. 10Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.

Ýohanan halky halas edýär

11Emma Kareýanyň ogly Ýohanan we onuň ýanyndaky ähli goşun serkerdeleri Netanýanyň ogly Ysmaýylyň eden pis işlerini eşidenlerinde, 12adamlarynyň baryny alyp, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen uruşmaga gitdiler. Olar ony Gibgondaky äpet howzuň başyndan tapdylar. 13Ysmaýylyň ýanyndaky adamlaryň hemmesi Kareýanyň ogly Ýohanan bilen onuň goşun serkerdelerini görenlerinde begendiler. 14Şeýlelikde, Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlarynyň bary yzyna öwrülip, Kareýanyň ogly Ýohanana goşuldy. 15Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna gitdi. 16Kareýanyň ogly Ýohanan ýanyndaky goşun serkerdeleri bilen aman galanlaryň hemmesini: esgerleri, aýallary, çagalary we köşk agtalaryny Gibgondan yzlaryna getirdi. Netanýanyň ogly Ysmaýyl Mispada Ahykamyň ogly Gedalýany öldüreninden soň, olary ýesir alypdy we Gibgona getiripdi. 17 18Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.
Copyright information for TukLat16