‏ Jeremiah 46

Müsür hakyndaky pygamberlik

1 Milletler hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň sözi aýan boldy. 2Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr: 3Uly hem kiçi galkanlary taýýarlap, söweşe giriň! 4Atlary eýerläp, münüň, eý, atlylar!
Tuwulgaňyzy geýip, ornuňyzda duruň,
naýzalary ýiteldiň we sowutlar geýiň.
5Men näme görýärin?
Olar gorkup, yza çekildiler.
Batyrlary ýere çalnyp,
yzlaryna garaman gaçdylar.
Ähli tarapdan howp abanýar.
Muny Reb aýdýandyr.
6Ýüwrük gaçyp gutulmaz,
batyr halas bolup bilmez;
demirgazykda, Ýewfradyň kenarynda
olar büdräp ýykylarlar.
7Ol nämedir Nil kimin daşyp,
suwlar kimin çaýkanýan?
8Ol Müsürdir, Nil deý joşup,
suwlar kimin çaýkanýan.
Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn,
şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin».
9Eý, atlar, ýel bolup uçuň!
Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň!
Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put,
eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!
10Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir;
bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir;
gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar;
çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda
Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.
11Eý, biçäre Müsür halky,
Gilgada git-de, melhem al!
Dermany köp içmegiň puçdur;
seniň derdiňe şypa ýokdur.
12Seniň utanjyňy milletler eşitdiler,
ýer ýüzüne doldy dady-perýadyň.
Iki urşujy biri-birine büdräp,
ikisi-de birlikde ýere ýazyldy.

13Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 14«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň,
Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň:
„Taýýar boluň, ornuňyzda duruň,
gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.
15Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy?
Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? – bu jümle käbir golýazmalarda Näme üçin batyrlar ýere serildi? diýip duş gelýär.

Ol näme üçin durup bilmedi?
Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.
16Köp esgerler büdredi,
biri-biriniň üstüne ýykylyp:
„Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza,
dogduk mekanymyza dolanalyň“diýdiler.
17Ol ýerde: „Müsür patyşasy faraon bir ýaňra,
ol pursady elden sypdyrdy“diýip gygyryň.
18Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär:
„Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler –
ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir,
deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.
19Eý, Müsüriň ilaty,
goşuňy düw, sürgün edilersiň!
Memfis weýran bolar,
ilatsyz bir haraba döner.
20Müsür bir enaýyja göle bolsa-da,
demirgazykdan oňa gögeýin çozar.
21Hakyna tutulan esgerleri
baga bakylan öküz kimin bolsa-da,
olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar.
Öz orunlarynda durup bilmediler.
Çünki başlaryna heläkçilik günleri,
jezalandyryljak günleri ýetip geldi.
22Duşman goşuny bilen hüjüm edende,
ol süýrenip gaçýan ýylan ýaly haşşyldar.
Duşman agaç çapýan deý
Müsüre garşy eli paltaly çozar.
23Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar,
muny Reb aýdýandyr.
Olar çekirtgelerden-de köpdür,
hasaby ýok, san-sajaksyzdyr.
24Müsür gyzlary uýada galar,
demirgazyk halkynyň eline berler“.

25 Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary 26olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.

27Gorkma, eý, gulum Ýakup,
howatyrlanma, eý, Ysraýyl!
Çünki Men seni uzak ýerlerden,
nesliňi sürgün edilen ýurdundan gutararyn.
Ýakup yzyna dolanyp, dynç hem asuda bolar,
indi ony hiç kim gorkuzmaz.
28Gorkma, eý, gulum Ýakup,
çünki Men seniň bilendirin.
Seni aralaryna dargadan
milletlerimiň baryny ýok etsem-de,
seniň soňuňa çykmaryn.
Emma saňa adalatly temmi bererin,
seni jezasyz galdyrmaryn.
Muny Reb aýdýandyr».
Copyright information for TukLat16