‏ Jeremiah 47

Piliştliler hakyndaky pygamberlik

1 Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup,
derýa kimin dolup-daşar-da,
ýurdy we ondaky ähli zatlary,
şäheri hem ýaşaýjylaryny basar.
Adamlar dady-perýat ederler,
ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.
3Daýaw atlaryň toýnak sesinden,
söweş arabalarynyň takyrdysyndan,
tigirleriniň seslerinden ýaňa
elleri tapdan düşen atalar öwrülip,
çagalaryna ýardam bermezler.
4Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler.
Sura bilen Sidona kömek edip biljek
aman galanlaryň ählisi ýok ediler.
Reb Kaptoryň kenarynda aman galan
piliştlileri derbi-dagyn eder.
5Gaza saçyny ýolar,
Aşkelon sus bolar.
Eý, barja aman galanlar,
haçana çenli özüňizi ýaralajak?
6Eý, Rebbiň gylyjy!
Sen haçana çenli köşeşjek däl?
Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.
7Reb oňa tabşyryk berensoň,
ol nädip köşeşsin?
Ol ony ol ýere – Aşkelona,
deňiz kenaryna garşy ýollady“».
Copyright information for TukLat16