‏ Jeremiah 48

Mowap hakyndaky pygamberlik

1 Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý!
Çünki ol haraba döndi.
Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy;
gala masgara bolup, weýran edildi.
2Indi Mowaba öwgi aýdylmaz;
Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular
Ýewreýçe Heşbon we dildüwşük gurdular diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
:
„Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“diýdiler.
Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar
Ýewreýçe Madmen we sesiň gapylar diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
,
gylyç seni kowalar.
3Horonaýymdan dady-perýat eşidilýär:
„Harabaçylyk, uly weýrançylyk!“
4 Mowap derbi-dagyn boldy,
balalarynyň perýady eşidildi.
5Aglaý-aglaý Luhyt ýolundan çykýarlar,
olar Horonaýym eňňidinde
weýrançylyk perýadyny eşidýärler.
6Gaçyň! Janyňyzy halas ediň,
çöldäki ýylgyn kimin boluň.
7Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin,
hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň.
Ruhanylary hem emeldarlary bilen
Kemoş
Kemoş – mowaplaryň hudaýy.
sürgün ediler.
8Rebbiň aýdyşy ýaly,
ähli şähere heläkleýji döküler,
bir şäher-de gutulmaz,
jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.
9 Mowap topragyna duz döküň,
ol hökman weýran ediler;
onuň şäherleri-de ýumrulyp,
ol ýerde hiç kim ýaşamaz.
10Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne,
Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!
11 Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady,
ol hiç haçan sürgün edilmedi.
Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý
ol gapdan-gaba boşadylmady.
Şeýdip, tagamy özünde galdy,
özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.

12Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler. 13Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar. 14Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“diýip bilýärsiňiz? 15 Mowap weýran ediler,
şäherleri basylyp alnar.
Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi.

Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.
16 Mowabyň heläkçiligi golaýlap gelýär,
onuň muşakgaty gyssanyp gelýär.
17Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar,
onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup:
„Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak
nädip döwüläýdi!“diýiň.
18Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk,
şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur,
çünki Mowaby weýran ediji
seniň üstüňe çozup,
galalaryňy weýran eder.
19Eý, Arogerde mesgen tutan,
ýoluň ýakasynda dur-da, seret.
Gaçan erkekden we gutulan aýaldan:
„Näme boldy?“diýip sora.
20 Mowap masgara boldy,
ol derbi-dagyn edildi.
Perýat et we agla!
Mowabyň weýran bolandygyny
Arnonda yglan et.

21Tekizlikdäki şäherlere – Holona, Ýahsa, Meýpagada; 22Dibona, Nebo, Beýtdiblataýyma; 23Kirýataýyma, Beýtgamula, Beýtmegona; 24Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi. 25Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr. 26Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar. 27Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz? 28Eý, Mowabyň ilaty,
şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň.
Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde
ýasan gögerçin kimin boluň.
29Biz Mowabyň tekepbirligi,
onuň çensiz gedemligi,
badyhowalygy, buýsanjaňlygy,
kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.
30Men onuň bihaýadygyny bilýärin.
Onuň öwünmeleri boş, işleri puçdur.

Muny Reb aýdýandyr.
31Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin,
bütin Mowaba dady-perýat ederin,
Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.
32Eý, Sibmanyň üzüm agajy!
Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn.
Seniň şahalaryň deňze,
Ýazer deňzine ýetdi.
Heläkleýji tomus miweleriňi,
üzüm hasylyňy weýran etdi.
33 Mowabyň bol miweli baglaryndan,
ekin meýdanlaryndan
şatlyk we begenç zym-zyýat boldy.
Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim.
Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez;
şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.

34Olar seslerini Heşbondan Elgala we Ýahasa çenli, Sogardan Horonaýyma we Eglat Şelişiýa çenli eşitdirdiler; Nimrim suwlary-da gurady. 35Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. 36Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär. 37Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan. 38Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr. 39Wah, ol nähili weýran boldy! Adamlar perýat edýärler. Wah, Mowap utançdan yzyna öwrülýär! Mowap töweregindäkileriň barysy üçin gülki we howp boldy. 40Reb şeýle diýýär:
„Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup,
ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.
41Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar.
Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi
dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.
42 Mowap Rebbe garşy
baş galdyrandygy üçin,
halk bolmakdan mahrum bolar.
43Eý, Mowabyň ilaty,
seniň öňüňde howp,
gorp we duzak dur!

Muny Reb aýdýandyr.
44Howpdan gaçan gorpa ýykylar,
gorpdan çykan duzaga düşer,
çünki Meniň Mowap halkyny
jezalandyrjak günlerim gelýär.

Muny Reb aýdýandyr.
45Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular.
Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp,
mowaplylaryň maňlaýyny,
pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.
46Dat günüňe, eý, Mowap!
Kemoş halky ýok edildi,
ogullaryň sürgün edildi,
gyzlaryň ýesir alyndy.
47Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň
öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“.

Muny Reb aýdýandyr.
Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».
Copyright information for TukLat16