‏ Jeremiah 50

Babyl hakyndaky pygamberlik

1Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi: 2«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň.
Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň:
„Babyl basylyp alyndy,
Bel hudaýy utanja galdy,
Merodak hudaýy bölek-bölek edildi.
Onuň heýkelleri masgara boldy,
nejis butlary parçalandy“.
3Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar,
ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer,
onda hiç kim ýaşamaz.
Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».
4«Şol günlerde, şol döwürde
ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler,
özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp,
aglaý-aglaý gelerler.

Muny Reb aýdýandyr.
5Olar ýüzlerini Siona
Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret.
tarap öwrüp,
oňa gidýän ýoly sorarlar.
„Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly
Reb bilen birleşeliň“diýerler.
6Meniň halkym ýiten goýundyr,
olary çopanlary azaşdyrdylar,
daglarda entetdiler,
olar dagdan daga çykyp,
öz agyllaryny unutdylar.
7Kim tapsa iýdi olary.
Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl,
sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy,
atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.

8Babyldan gaçyp gutulyň,
babyllylaryň ýurdundan çykyň,
süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.
9Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny
Men Babylyň garşysyna örüzerin,
olar oňa garşy nyzama durarlar,
şol ýerde ony ele salarlar.
Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar,
hiç biri boş geçmez.
10Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar,
ony talanlaryň bary oljadan doýar.

Muny Reb aýdýandyr.
11Eý, mirasymy talaýan babyllylar,
siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz,
otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz,
aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.
12Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar,
göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar.
Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup:
çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.
13Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp,
bütinleý harabalyga öwrüler.
Babyldan geçenler onuň ýaralaryna
haýran bolup sykylyk çalarlar.
14Eý, kemançylar,
Babylyň daş-töwereginde nyzama duruň.
Oňa ok atyň, oky gaýgyrmaň,
çünki ol Rebbe garşy günä etdi.
15Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň,
ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy,
diwarlary ýer bilen ýegsan boldy.
Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň.
Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.
16Ekin ekeni, orak döwri orakçyny
Babyldan ýok ediň.
Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp,
her kim öz halkyna tarap öwrülsin,
her kim öz ýurduna gaçsyn.
17Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan
goýun sürüsine meňzeýär.
Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy,
Babyl patyşasy Nebukadnesar
soňra onuň süňklerini gemirdi».

18Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn. 19Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin,
ol Karmelde, Başanda otlap,
Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.
20Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn.
Şol günlerde, şol döwürde
Ysraýylyň ýazygy agtarylar,
ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz,
Ýahudanyň günäleri agtarylar,
ýöne ondan hiç zat tapylmaz.

Muny Reb aýdýandyr.
21Merataýym
Merataýym – bu söz goşa gozgalaň diýmegi aňladýar.
ýurduna we Pekot
Pekot – bu söz jeza diýmegi aňladýar.
halkyna hüjüm et.
Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et,
özüňe buýruşym ýaly et.

Muny Reb aýdýandyr.
22Ýurtda uruş galmagaly, uly weýrançylyk bar!
23Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy!
Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy!
24Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy,
sen bilmän oňa düşdüň.
Rebbe garşy çykandygyň üçin,
sen tapyldyň hem tutuldyň.
25Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb
babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin,
Reb gorhanasyny açyp,
gazap bilen ýaraglaryny çykardy.
26Babyla her tarapdan hüjüm ediň,
onuň ammarlaryny açyp,
ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň,
ony bütinleý ýok ediň;
ondan hiç zat galmasyn.
27Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin.
Waý olaryň halyna!
Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.

28Babyldan gaçyp gutulanlar
Hudaýymyz Rebbiň öjüni,
Onuň ybadathanasynyň öjüni
Sionda yglan edýärler,
Olaryň seslerini eşidiň!
29Ok atýanlary, kemançylaryň baryny
Babylyň garşysyna çagyryň!
Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň,
hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn.
Eden işine görä onuň almytyny beriň,
ähli edenlerini onuň özüne ediň.
Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine
garşy küpürlik etdi.

30Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr. 31Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi. 32Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».

33Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär,
ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar,
azat etmekden boýun gaçyrýar.
34Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer,
emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».
35«Babyllylara garşy gylyç insin!
Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr
akyldarlaryna garşy gylyç insin!

Muny Reb aýdýandyr.
36Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin!
Olar akmak bolarlar.
Urşujylarynyň depesinden gylyç insin!
Olar tapdan düşerler.
37Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden,
aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin!
Olar heleý ýaly bolarlar.
Hazynalaryna garşy gylyç insin!
Olar talaňa salnarlar.
38Babyl butlar ýurdudyr,
gorkunç butlar olary dälireder.
Goý, onuň suwlary gurasyn,
olar takyrap galsyn!
39Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar,
şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar.
Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz,
nesiller boýy hiç kim aýak basmaz.
40Edil Sodomyň, Gomoranyň,
olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly,
ol ýerde-de ýeke adam galmaz,
hiç bir ynsan ýaşamaz».

Muny Reb aýdýandyr.
41Reb şeýle diýýär:
«Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär,
ýeriň aňry ujundan bir beýik millet,
köp patyşalar aýaga galýar.
42Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan,
özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar.
Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär.
Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup,
seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!
43Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende,
elleriniň ysgyny gaçdy.
Dogurýan aýal kimin
çekýär dert-azarlary.
44Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden
ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn.
Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn.
Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin.
Çünki Maňa meňzeş kim bar?
Menden hasabat sorajak kim?
Garşyma çykjak çopan kim?
45Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny,
babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň:
Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar,
sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
46Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar;
gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».
Copyright information for TukLat16