‏ Jeremiah 51

1Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň
Lebkamaý – bu Babylyň beýleki ady. Lebkamaý Meniň garşyma baş galdyrýanlaryň ýüregi diýmegi aňladýar.
ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.
2Babyla gelmişekleri ýollaryn,
ony sowrup, ýurduny boş goýarlar.
Betbagtlyk güni ony
her tarapdan gurşarlar.
3Kemançy ýaýyny gursun,
sowudyny geýip taýýar bolsun.
Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň,
ähli goşunyny bütinleý ýok ediň.
4Öldürilenler babyllylar ýurdunda,
ýaralylar onuň köçelerinde ýazylsyn.
5Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy
günälerden doly bolsa-da,
özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb
Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.
6Babyldan gaçyň,
her kim janyny halas etsin!
Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň,
çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr,
Babylyň almytyny berjek Oldur.
7Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni
serhoş edýän altyn pyýala kimindi.
Milletler onuň şerabyndan içdiler,
munuň üçin akylyndan azaşdylar.
8Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy,
onuň üçin perýat ediň!
Ýarasyna melhem çalyň,
belki-de, şypa tapar.
9Biz Babyla şypa berjek bolduk,
ýöne ol şypa tapmady!
Ony taşlaň, gideliň!
Her kim öz ýurduna gitsin!
Onuň agyr hökümi göklere ýetdi,
bulutlara çenli beýgeldi.
10Reb bizi aklady,
geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini
Sionda yglan edeliň.
11Oklary ýiteldiň,
sagdaklary dolduryň!

Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.
12Babyl galasyna garşy tugy galdyryň;
gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň,
bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna
garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi.
13Eý, bol suwlar ýakasynda,
baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk!
Seniň soňuň geldi,
ömür tanapyň kesildi!»
14Hökmürowan Reb Özünden ant içdi:
«Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn,
olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler».

15Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi,
akyly bilen gökleri ýaýdy.
16Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar,
göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar.
Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar,
ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
17Her bir adam akmak hem akylsyzdyr,
her zergär ýasan butlaryndan uýada galar,
olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
18Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir;
jezalandyranymda olar ýok bolarlar.
19Emma Ýakubyň paýy beýle däldir,
çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr,
Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.

20«Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň,
Men seniň bilen milletleri gyraryn,
seniň bilen patyşalyklary weýran ederin.
21Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn,
seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn.
22Seniň bilen erkekleri hem aýallary,
garrylardyr ýaşlary,
oglanlardyr gyzlary gyraryn.
23Seniň bilen çopany we sürüsini,
daýhany we ýer sürýän öküzlerini,
ýolbaşçylary we häkimleri gyraryn.

24 Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr. 25Men saňa garşydyryn,
eý, weýran edýän dag!
Bütin dünýäni ýykan dag!

Muny Reb aýdýandyr.
Elimi saňa garşy uzadyp,
seni gaýalardan aşak togalaryn,
seni ýanan daga öwrerin.
26Senden burç daşyny,
binýat daşyny almazlar,
sen ebedilik haraba bolarsyň».

Muny Reb aýdýandyr.
27Ýurtda baýdak dikiň,
milletler arasynda surnaý çalyň,
milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň.
Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny
Babylyň garşysyna çagyryň,
onuň garşysyna serkerde belläň,
üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.
28 Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde
madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary
Babylyň garşysyna söweşe toplaň.
29Ýurt titräp, lerzana gelýär!
Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky
Rebbiň niýeti amala aşýar.
30Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi,
öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp,
heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi,
derwezeleriniň kiltleri döwüldi.
31Çapar üstüne çapar,
habarçy üstüne habarçy ylgaşyp,
Babyl patyşasyna şu habary ýetirdiler:
«Şäher doly basylyp alyndy,
32geçelgeler ele salyndy,
gamyşly batgalyklara ot berildi,
urşujylara gorky aralaşdy».
33Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa,
Babyl gyzy-da şeýle ediler.
Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.
34Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi,
bizi owradyp ýenjip,
boş gaba öwürdi.
Aždarha kimin ýuwutdy bizi,
garnyny näz-nygmatdan doýrup,
soňra bizi gusup taşlady.
35 Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma
edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“diýer.
Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny,
goý, babyllylardan soralsyn!“diýer».

36Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin,
seniň öjüňi alaryn,
Babyl deňzini takyradaryn,
çeşmesini guradaryn.
37Babyl daş üýşmeklerine,
şagallar sürenine öwrüler,
howp we ryswaçylyga dönüp,
ol ýerde hiç kim ýaşamaz.
38Babyl halky arslan deý arlar,
arslan çagasy kimin hyňranar.
39Işdäleri açylan wagty bolsa,
Men olara meýlis guraryn.
Şatlanyp, ebedi uka gitsinler,
hiç wagt oýanmasynlar diýip,
olary serhoş ederin.
Muny Reb aýdýandyr.
40Olary guzy, goç, geçi kimin
soýulmaga ibererin.
41Wah! Şeşak
Şeşak – bu Babylyň beýleki ady.
basylyp alyndy!
Wah! Bütin dünýäniň şöhraty ele salyndy!
Babyl milletler arasynda howpa öwrüldi!
42Babyly deňiz basdy;
äpet tolkunlar ony büredi.
43Onuň şäherleri weýran boldy,
ýurdy hiç kim ýaşamaýan,
hiç bir ynsan geçmeýän
gurak bir çöle döndi.
44Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn,
ýuwudanyny gusduraryn,
milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler,
Babylyň diwary ýykylar.
45Eý, halkym, ol ýerden çyk,
Rebbiň gahar-gazabyndan
hemmäňiz janyňyzy halas ediň.
46Ýurtda eşidiljek myş-myşlara
ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň.
Bir ýyl bir habar geler,
soňraky ýyl başga bir habar.
Ýurtda zorluk höküm sürüp,
bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda
gep-gürrüňler ýaýrar.
47Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny
jezalandyrjak günlerim geler.
Onuň tutuş ýurdy utanja galar,
jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.
48Onsoň demirgazykdan gelen
ýok ediji oňa hüjüm edende,
asman, ýer we olardaky ähli zat
Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar.

Muny Reb aýdýandyr.
49Eý, Ysraýylyň öldürilenleri!
Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin
Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.
50Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar,
gidiň, saklanmaň!
Rebbi uzak ýurtda ýatlaň
Iýerusalim hakda oýlanyň.
51Biz käýinç eşidenimizde utandyk.
Gelmişekler Rebbiň öýüniň
mukaddes ýerlerine girdiler,
şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».
52«Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler,
onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär.

Muny Reb aýdýandyr.
53Babyl göklere çyksa-da,
galasyny belent ýerde berkitse-de,
Men üstüne ýok edijini ýollaryn».
54Babyldan gykylyk sesi eşidilýär,
ol ýerden weýrançylyk sesi gelýär!
55Çünki Reb Babyly weýran edýär,
şowhunyny basyp ýatyrýar.
Tolkunlary bol suw deý güwleýär,
galmagally sesleri eşidilýär.
56Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy,
onuň batyr ýigitleri ele salyndy,
ýaýlary bölek-bölek boldy,
çünki Reb öç alýan Hudaýdyr;
onuň etmişiniň almytyny berer.
57Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny,
häkimlerini, serkerdelerini,
urşujylaryny serhoş ederin.
Olar ebedi uka gidip oýanmazlar.

Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.

58Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar,
onuň belent derwezeleri ýakylar,
halklar biderek ýere zähmet çekerler,
milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».

59Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy. 60Ýermeýa Babylyň başyna geljek ähli betbagtlyklary, Babyla degişli bu sözleriň baryny bir kagyza ýazdy. 61Ýermeýa Seraýa şeýle diýdi: «Babyla baranyňda, bu sözleriň ählisini halka okap bermegi unutma. 62Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“. 63Bu kagyzdaky ýazylanlary okap bolanyňdan soň, ony bir daşa baglap, Ýewfrat derýasynyň ortasyna at. 64Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“».

Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.
Copyright information for TukLat16