‏ Jeremiah 52

Iýerusalimiň synmagy

(2 Patyşalar 24:18-20; 25:1-17)

1Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 2Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 3Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy.

Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.
4Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular. 5Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. 6Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady. 7Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. 8Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. 9Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. 10Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi. 11Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady.

12Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. 13Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. 14Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy. 15Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi. 16Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.

17Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. 18Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler. 19Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. 20Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin ýasan iki sütüni, bir howzy we howzuň aşagyndaky on iki sany bürünç öküzi üçin sarp edilen bürünjiň agramy çäksizdi. 21Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy. 22Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi. 23Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.

Ýahuda halky Babyla sürgün edilýär

(2 Patyşalar 25:18-21)

24Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi. 25Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, şäherden tapylan patyşanyň ýedi sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerdäniň mürzesini we ýurduň ilatynyň altmyş sany baştutanyny alyp gitdi. 26Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. 27Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.

28Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany; 29Nebukadnesaryň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Iýerusalimden sekiz ýüz otuz iki adamy; 30ýigrimi üçünji ýylynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýahudalardan ýedi ýüz kyrk bäş adamy ýesir edip äkitdi. Olar jemi dört müň alty ýüz adamdyr.

Ýehoýakynyň ýesirlikden boşadylmagy

(2 Patyşalar 25:27-30)

31 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy. 32Ol Ýehoýakyn bilen mähirli söhbet etdi we ony Babyla sürgün edilen beýleki şalardan ileri tutdy. 33Şeýdip, Ýehoýakyn tussaglykdaky geýimlerini çykardy. Ol galan ömrüniň ähli günlerinde patyşanyň saçagyndan naharlandy. 34Onuň gündelik eklenji tä ölýänçä Babyl patyşasy tarapyndan berildi.
Copyright information for TukLat16