‏ Jeremiah 7

Ýermeýa ybadathanada wagyz edýär

1Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy: 2«Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“. 3Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn. 4‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.

5Eger ýollaryňyzdyr işleriňizi çyndan düzetseňiz, biri-biriňize hakykatdan hem adalatly garasaňyz, 6gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz, 7onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn. 8Ine, siz dereksiz ýalan sözlere bil baglaýarsyňyz. 9Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. 10Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi? 11Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr. 12Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň. 13Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz. 14Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin. 15Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.

Halkyň boýnuýogynlygy

16Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin. 17Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi? 18Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär. 19Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn. 20Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.

21Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýakma gurbanlygyňyzy beýleki sadakalaryňyza goşup, ikisiniň hem etini iýiberiň. 22Çünki Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaryp getirenimde, olara ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklar hakda hiç zat aýtmandym ýa-da buýruk bermändim. 23Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’. 24Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. 25Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim. 26Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.

27Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler. 28Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.

29Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady. 30Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler. 31Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. 32Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. 33Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz. 34Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».
Copyright information for TukLat16