‏ Job 1

Eýýup we onuň maşgalasy

1Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy. 2Onuň ýedi ogly bilen üç gyzy bardy. 3Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.

4Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar. 5Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.

Eýýubyň birinji synagy

6Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi. 7Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. 8Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi. 9Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? 10Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. 11Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?» 12Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.

13Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar. 14Bir çapar Eýýuba şeýle habar getirdi: «Biz öküzler bilen ýer sürüp ýörkäk, eşekler-de olaryň yzynda otlap ýörkäler, 15şebalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym». 16Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi. 17Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi. 18 19Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.

20Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi. 21Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä,
ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä.
Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir.
Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.

22Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.
Copyright information for TukLat16