‏ Job 22

Elipaz Eýýuba jogap berýär

1Teýmanly Elipaz şeýle diýdi: 2«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi?
Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar?
Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi
Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5Erbetligiň ummasyz,
etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň,
eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7Ýadawa içmäge suw bermediň,
açdan çöregiňi gysgandyň.
8Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr,
hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň,
ýetimleri ezdiň.
10Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar,
duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.
11Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar,
sil gelip, seni gark edýär.

12Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir?
Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär?
Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez,
Ol gök gümmezinde gezýändir“diýýäň.
15Pisleriň ýörän
köne ýoluny tutjakmy?
16Olar wagtyndan öň ýygnaldylar,
düýplerini suw aldy.
17Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý!
Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“diýdiler.
18Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy,
pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!

19Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär,
bigünä hem olaryň üstünden gülýär.
20Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi,
galan zatlary ýanyp kül boldy“diýýärler.

21Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol,
şonda haýyr taparsyň.
22Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe,
sözlerini ýüregiňde sakla.
23Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň,
etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24altyny topraga,
Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25Gudratygüýçlini öz altynyň,
gymmatbaha kümşüň saýsaň,
26ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň,
Hudaýa ýüz tutarsyň.
27Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider,
sen hudaýýolularyňy berersiň.
28Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer,
ýollaryňa nur çaýylar.
29Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“diýýäň,
çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder,
olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».
Copyright information for TukLat16